Prezident Erdogan TÜBITAK-yň we TÜBA-nyň Ylmy baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Türkiyäniň uçarmansyz howa ulaglaryndaky üstünliginiň dünýäniň üns merkezindedigini mälim etdi

1924880
Prezident Erdogan TÜBITAK-yň we TÜBA-nyň Ylmy baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherinde TÜBITAK we TÜBA guramalary tarapyndan geçirilen Ylmy baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynda Türkiyäniň Goranmak senagaty ugrundaky üstünligine ünsleri çeken Prezident Erdogan: "Biziň uçarmansyz howa ulaglarymyz dünýäniň üns merkezinde, haýranlyk bilen gözegçilik edýärler. Barasynda aýdymlar düzülen Baýraktar TB2 bilen başlanan ýolagçylykda ilki bilen Akynjy ýaragly uçarmansyz howa ulagy, soň bolsa uçarmansyz söweşjeň harby uçarymyz Gyzylalma ýetdik" diýip habar berdi. 

Goranmak senagaty ugrundaky şol üstünlikleriň entek başlangyçdygyny aýdan Prezident Erdogan: "Durmarys, ýolumyzy dowam etdireris" diýip beýan etdi. 

Türkiyäniň indi döwrebap, ösen, hili we mukdary taýdan dünýä bilen bäsleşip biljek ylym we tehnologiýa ekoulgamyna eýedigini aýdan Prezident Erdogan: "Tehnoparklarymyzda ylmy-derňew we dizaýn merkezlerimizde on müňlerçe taslamanyň üstünde işlenýär" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan ylmy işgärlere işlerine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. 



Degişli Habarlar