Türkiyede 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly çäreler geçirilýär

Türkiyäniň çar tarapynda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly çäreler başlady

2141212
Türkiyede 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly çäreler geçirilýär
sirnak 19 mayis.jpg

Baýram bilen bagly çäreler düýn agşamdan başlap Türkiyäniň çar tarapynda geçirilýär.  

Ýurduň ençeme ýerinde müňlerçe adam ellerinde Türkiyäniň baýdagy bilen köçelere çykdylar. 

Ýollar Türkiyäniň baýdagynyň reňkleri bolan ak we gyzyl reňkler bilen bezeldi. 

Milli Azat edijilik uruşynyň ilkinji duralgasy bolan Samsunda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy bilen bagly dabaralar başlady. 

Samsun Atatürk ýadygärliginde bir ýere jemlenen adamlar, bu manyly günde jebislik bilen baýramy belläp geçýärler. 

Ýadygärlige gül desseleri goýulanyndan soň, hormatly dymyşlyk edildi we Milli sena ýerine ýetirildi. 

Türkiye Respublikasynyň düýbüniň tutulan ýeri bolan Amasýada uly ýöriş geçirildi. 

Raýatlar toparlaryň ýoldaşlyk etmeginde ellerinde Türkiyäniň baýdagy bilen Ýawuz Selim meýdançasyna çenli ýörediler, fakeller ýakdylar. 

Kahramanmaraşda 300 metr uzynlygynda Türkiyäniň baýdagy açyldy. 

Ýöriş toparyna atly goşun bölümleri, motosikl sürüjileri, nusgawy ulaglar we mehteran topar hem gatnaşdy.

Şyrnak welaýatynyň Silopi etrabynda hem baýram bilen bagly şüweleňler geçirilýär. Silopide 300 metr uzynlygynda Türkiyäniň baýdagy göterildi. 

Çäreleriň çäginde Fakel ýörişi we Ýaşlaryň ýörişi geçirildi. Çäre ýörite konsert bilen tamamlandy. 

Erzinjanda 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramynyň çäginde Respublika meýdançasynda açyk howa kinoteatry çäresi geçirildi. 



Degişli Habarlar