Prezident Erdogan "Hünär okuwy sammitine" wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan durnukly ykdysady ösüş we umumy ösüş üçin, bilimiň adamlaryň elindäki iň güýçli enjamlaryň biridigini beýan etdi

1913343
Prezident Erdogan "Hünär okuwy sammitine" wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan paýtagty Ankara şäherinde Milli Bilim ministrligi we Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen "Hünär okuwy sammitine" wideo ýüzlenme ugratdy.

Wideo ýüzlenmesinde "Hünär okuwy sammitiniň" düşümli bolmagyny dilän Prezident Erdogan, durnukly ykdysady ösüş we umumy ösüş üçin, bilimiň adamlaryň elindäki iň güýçli enjamlaryň biridigini belledi. 

Prezident Erdogan: "Dünýäniň niresinde ýaşasa ýaşasyn ähli çagalaryň ýokary hilli bilim alyp bilmegi ähliumumy adam hukugydyr" diýdi. 

Soňky 20 ýylda her ýyl býujetden iň uly paýy bilime bölüp aýyrýandyklaryny we şol ugurda edýän ädimleri bilen uly öňegidişlik edendiklerini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiyäni ählitaraplaýyn nusga görkezilýän bir ýurt ýagdaýyna öwürdik" diýip habar berdi. 

Hünär okuwyna getiren dinamikalarynyň aýal-gyzlaryň işe ýerleşdirilmeginde hem düýpli kämilleşmä sebäp bolandygyny aýdan Prezident Erdogan, Milli Bilim ministrligi we Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde geçirilen Hünär okuwy sammitiniň ýurduň tejribelerini paýlaşmak bilen birlikde, gatnaşyjylaryň hem gymmatly garaýyşlaryny öwrenmäge mümkinçilik döretjekdigini mälim etdi.



Degişli Habarlar