Türkiýe Ykdysady Ösüş Boýunça 2022-nji Ýyly Rekord Bilen Tamamlar

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň ykdysady ösüş boýunça 2022-nji ýyly rekord bilen tamamlajakdygyny aýtdy.

1912933
Türkiýe Ykdysady Ösüş Boýunça 2022-nji Ýyly Rekord Bilen Tamamlar

Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň merkezi ofisinde Welaýat ýolbaşçylarynyň giňeldilen maslahatyna gatnaşdy.

“Türkiýe Asyry” maksatnamamyzda milletimize Respublikamyzyň täze asryna beýik arzuw-hyýallar we heýjanlar bilen gadam basmagy üçin umyt oduny ýakdyk” diýen Erdogan; “Türkiýäniň 2022-nji ýyly üçünji çärýekdäki ösüşi 3,9 göterim hökmünde yglan edilen bolsa, ikinji çärýekdäki ösüşi 7,7 göterim hökmünde ýokarlandyryldy. Global derejede ressesiýa aladalarynyň günsaýyn artýan döwründe Türkiýäniň ösüş depginini dowam etdirmegi möhüm. Enşalla 2022-nji ýylyň dünýä boýunça rekored derejede ýapyp, 2023-nji ýyla aýgytly gadam basarys” diýdi.

Erdogan; “Eger-de şu günki günde Türkiýe galkynýan bolsa, üçünji çärýekde-de ykdysady ösüşde 3,9 göterim bilen G20-ä girýän ýurtlaryň hatarynda birinji 5-likde orun eýeleýän bolsa, ol bir zady görkezýär. Türkiýe güýçlenýär. Türkiýäniň ösüşiniň öňüni almak mümkin däl” diýdi.

Prezident Erdogan raýatlara berilýän ykdysady goldawyň hem dowam etjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar