Ömer Çelik Emmanuel Makrona reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Türkiyäni Afrika imperialist güýç bolmak bilen günäkärleýän Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona reaksiýa bildirdi

1903765
Ömer Çelik Emmanuel Makrona reaksiýa bildirdi

Twitter hasabyndan beýannama beren Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik: "Fransiýanyň Afrikadaky kolonial geçmişiniň afrikalylara nähili derejede jebir-jepa çekdirendigini we onuň häzirki wagtda hem dowam edýändigi bütin dünýä mälimdir" diýip habar berdi. 

Ömer Çelik: "Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Türkiyäni Afrikada ipmerialist güýç diýip günäkärlemegini ýazgarýarys. Fransiýanyň Afrikadaky kolonial geçmişiniň afrikalylara nähili derejede jebir-jepa çekdirendigini we onuň häzirki wagtda hem dowam edýändigi bütin dünýä mälimdir. Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan, Afrikada deňlik we hyzmatdaşlyk esasynda bir görüş bilen hemişelik we çuňňur gatnaşyklar ýola goýar. Makron bolsa Afrikany özüniň emlägi hasap edýän kolonial düşünjesiniň täsirini görenligi sebäpli şol ýagdaýa biynjalyk bolýär. Fransuz kärhanalarynyň Fransiýanyň guramadyr-edaralary bilen arabaglaşyklylykda Siriýada hem DAIŞ hem-de PKK-a goldaw berýändigi mälim boldy. Şol sebäpli Makronyň türk milletinden ötünç soramaly wagty, Türkiyäni imperialist güýç diýip günäkärlemegi uly bir ýalňyşlykdyr. Makronyň fransuz daşary syýasatyny Türkiyä garşy etmegi nädogrydyr. Makron şol çemeleşmesi bilen NATO-nyň sezewar bolan howplara garşy ýola goýulmaly bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiligine zyýan ýetirýär" diýip mälim etdi. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Müsürde geçirilen BMG-nyň Howa çalşygy çarçuwasy ylalaşygynyň 27-nji Taraplar konferensiýasyndan ozal ýaşlaryň soraglaryna jogap beripdi we Türkiyäni, Hytaýy we Russiýany Afrikada imperialist güýç diýip günäkärläpdi. 



Degişli Habarlar