Ibrahim Kalyn Jeýk Salliwan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat sekretary Ibrahim Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Jeýk Salliwan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1894000
Ibrahim Kalyn Jeýk Salliwan Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Berilen beýannama görä telefon söhbetdeşliginde özara syýasy we ykdysady gatnaşyklar, goranyş senagaty hem-de energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, Ukrainadaky söweş, Egeý we Ortaýer deňizi hem-de beýleki sebitleýin meseleler goýunça pikir alyşyldy.

Türkiýäniň  F-16 harby uçarlarynyň aluwy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça talabyň Amerikan Kongressi tarapyndan tassyklanyş tapgyrynyň şertsiz tamamlanmagyna garaşýandygy, Amerikan hökümetiniň bu tapgyrda berýän goldawyna kanagatlanma bildirilendigi beýan edildi.

Ukrainadaky söweşiň möwjemegine we çaknyşyklaryň agyrlaşmagyna alada bildirilen söhbetdeşlikde, söweşiň global parahatçylyga we durnuklylyga, ykdysadyýet, energetika bilen azyk howpsuzlygyna ýetirýän zyýanynyň ortadan aýrylmagy üçin degişli diplomatik tagallalaryň ähmiýetiniň ýokarydygy nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýäniň bu tapgyrda galla eksporty hakyndaky Stambul ylalaşygynyň möhletiniň uzaldylmagy bilen birlikde diplomatik çözgüt başlangyçlaryny ygrarly dowam etdirýandigi bellenildi.

Egeý we Ortaýer deňizlerinde Türkiýäniň kanuny haklarynyň hem-de bähbitlerini goramakda egilşik etmejekdigi nygtalyp, Gresiýanyň halkara hukuga äsgermezçilik edýän aksiýalaryny we meçew bermelerini bes etmelidigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar