Türkiýe, Taýlanda Gynanç Bildirdi

Taýlandyň demirgazyk gündogarynda çagalar bagyna guralan ýaragly hüjümde 22-si çaga 37 adam ýogalypdy.

1889668
Türkiýe, Taýlanda Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Taýlantda çagalar bagyna guralan hüjümde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamnada, Taýlantda çagalar bagyny nyşana alan ýaragly hüjümde esasy bölegi çagalardan ybarat 30-dan gowrak adamyň ýogalmagyna uly gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Hüjümde ýogalanlaryň hossarlaryna we dost Taýlandyň halkyna we hökümetine uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Taýlandyň demirgazyk gündogarynda çagalar bagyna guralan ýaragly hüjümde 22-si çaga 37 adam ýogalypdy.

Hüjümde 12 adam hem ýaralanypdy.

 

 

 



Degişli Habarlar