Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirýär

BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň çäginde diplomatik tagallalaryny dowam etdirýän Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde köp sanda ikiçäk duşuşyklar geçirdi

1883542
Mewlüt Çawuşogly Nýu-Ýorkda ikiçäk duşuşyklaryny dowam etdirýär

Awstraliýanyň Daşary işler ministri Penni Wong we Polşanyň Daşary işler ministri Zbigniýew Rau bilen aýry-aýry duşuşyk geçiren Mewlüt Çawuşogly, soň bolsa estoniýaly kärdeşi Urmas Reýnsalu we Malaýziýanyň Daşary işler ministri Saifiddun Abdullah bilen hem duşuşyk geçirdi. 

Mewlüt Çawuşoglynyň ikiçäk duşuşyk geçiren kärdeşleriniň arasynda Irlandiýanyň Daşary işler we Goranmak ministri Saýmon Koweni, Moldawiýanyň Daşary işler ministri Niku Popesku, Gwineýanyň Daşary işler, Halkara Hyzmatdaşlyk, Afrika integrasiýasy we Daşary ýurtlardaky gwineýalylar ministri Morrisanda Kouýate hem bar. 

Şwesiýanyň we Iordaniýanyň Daşary işler ministrleriniň ýer eýeçilik etmeginde BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara ýardam we Jemgyýetçilik işleri agentliginiň (UNRWA) maslahatyna hem gatnaşan Mewlüt Çawuşogly, Liwanyň Daşary işler ministri Abdallah Bou Habib, Efiopiýanyň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Demeke Mekonnen we Alžiriň Daşary işler ministri Ramtane Lamamra bilen hem duşuşyklar geçirdi. 



Degişli Habarlar