Türkiye bilen Belgiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler

Şu gün Türkiye bilen Belgiýanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçiriljekdigi habar berildi

1879790
Türkiye bilen Belgiýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçiriler

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Türkiye-Belgiýa syýasy geňeşmeler, Daşary işler ministriniň orunbasary we Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigi işleri boýunça başlygy Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Faruk Kaýmakjy bilen Belgiýanyň Daşary işler, Söwda we galkynyş hyzmatdaşlygy ministrliginiň resmisi Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Jeroen Kurmanyň ýolbaşçylyk etmeklerinde şu gün Ankarada geçiriler. 

Syýasy geňeşmelerde Belgiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn ele alynmagy we Türkiýe-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary bilen sebitleýin meseleler barada pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. 



Degişli Habarlar