Beýik Ýeňişiň 100-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

Şu gün 30-njy awgust Ýeňiş Baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni

1873725
Beýik Ýeňişiň 100-nji ýyly dabara bilen bellenilip geçilýär

Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygyndaky Türk goşunynyň 1922-nji ýylyň 26-njy iýulynda başladan we 30-njy awgustda ýeňiş bilen netijelenen Beýik Hüjümiň we Baş Serkerdelik meýdan söweşiň 100-nji ýyly mynasybetli, Türkiýede, DKTR-da we Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda biri-birinden tapawutly çäreler geçirilýär.  

Beýik Ýeňişiň 100-nji ýyly mynasybetli ýurduň paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde 913 sazandanyň gatnaşmagynda uly konsert geçiriler. 

30-njy awgust Ýeňiş Baýramy Stambul şäherindäki Taksim meýdançasynda, Izmir şäherindäki Respublika meýdançasynda gurnalan çäreler bilen dabara bilen bellenilip geçilýär. 

Antalýada baýram mynasybetli howa menzilindäki ýolagçylaryň zallary gyzyl we ak reňkdäki şarlar bilen bezeldi. Terminalda operanyň aýdymçylary orkestriň ýoldaşlyk etmeginde milli senalary ýerine ýetirdiler, folklor toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary bolsa uly şowhun bilen tomaşa edildi. 

Mersin şäherinde 30-njy awgust Ýeňiş baýramynyň çäginde Respublika meýdançasynda dabara geçirildi. 

30-njy awgust Ýeňiş baýramy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň güni mynasybetli Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki Türk Şehitlik gonamçylygynda hem çäre geçirildi. 



Degişli Habarlar