Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy

Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş goýup giden bu möhüm gün 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen kanun bilen Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy

1829179
Şu gün 19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy

Şu gün Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň Samsuna çykyp, Milli azat edijilik göreşiniň alawyny ýakan 1919-njy ýylyň 19-njy maýynyň 103-nji ýyly. 

Bir ýurdyň azatlygyny milletde gören we Beýik Britaniýanyň flodynyň gelen Stambuldan egindeşleri bilen bilelikde Anadola geçen Atatürkiň 1919-njy ýylyň 19-njy maýynda Samsunda ýakan fakeli 103 ýyl bäri ýanmaga dowam edýär. 

Atatürkiň türk ýaşlaryna peşgeş goýup giden bu möhüm gün 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda kabul edilen kanun bilen Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy hökmünde bellenilip geçilmäge başlandy. 

19-njy maý Atatürki hatyralama, ýaşlar we sport baýramy ýurdyň dört künjeginde we daşary ýurtlardaky wekilhanalarda biri-birinden tapawutly çäreler we dabaralar bilen bellinilip geçilýär. 



Degişli Habarlar