Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi

Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Ankarada saparda boldy

2132262
Prezident Erdogan, Gazagystanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
erdogan_bektenov_02.jpg
erdogan_bektenov_01.jpg

Prezident R. T. Erdogan paýtagt Ankarada saparda bolan Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, kabul edilşikde Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky özara gatnaşyklar, sebitara we halkara meseleler bilen birlikde Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan, Ysraýylyň hökümetiniň öz syýasy gelejegi üçin çaknyşyklaryň tutuş sebitde ýaýbaňlanmagy üçin tagalla edýändigini, ilkinji nobatda hüjümleriň gyssagly bes edilmegi, Gazadaky asuda ilata ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin Türki döwletleriň guramasynyň ýakyndan hyzmatdaşlyk edip biljekdigini nygtady.

Prezident Erdogan, Gazagystan bilen goranyş senagatynyň başda durmagynda terrora garşy göreş we ykdysadyýet ýaly ugurlarda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar