Fewfral Aýynda Stambulda Gelen Syýahatçylaryň Sany 173 Göterim Artdy

Şähere geçen ýylyň fewral aýynda 351 müň syýahatçy gelen bolsa, üstümizdäki ýylyň degişli aýynda şol san 956 müňe ýetdi.

1805014
Fewfral Aýynda Stambulda Gelen Syýahatçylaryň Sany 173 Göterim Artdy

Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň görkezijilerine görä şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýylyň 2 aýynda 1,748,060 adama barabar boldy.

Stambula fewral aýynda 965,482, geçen ýylyň adybir aýynda bolsa 350,913 syýahatçy geldi.

Şuňa laýyklykda fewral aýynda syýahatçy sany 2021-nji ýylyň degişli aýyna görä 173 göterim artdy.

Stambula gelen daşary ýurtlularyň arasynda ýanwar aýynda bolşy ýaly fewral aýynda-da ruslar birinji orunda durýar.

Ruslardan soň ikinji orunda nemesler, üçünji orunda eýranlylar we dördünji orunda fransuzlar durýar.

Fewral aýyda 194 ýurtdan syýahatçy gelen bolsa, Demirgazyk Koreýadan, Watikandan, Butandan we Gündogar Timordan bir adam şähere sapar etdi.



Degişli Habarlar