Hulusi Akar Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Akar bilen Ostin duşuşykda goranyş senagaty we harby tälim boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

1796880
Hulusi Akar Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Ostin bilen duşuşdy.

İki kärdeş duşuşykda, Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri Ukraina garşy guraýan hüjümleriniň başda durmagynda özara we sebitara howpsyzlyk we goranyş meselesi hakynda pikir alyşdy.

Akar bilen Ostin duşuşykda goranyş senagaty we harby tälim boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň artdyrylmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar