Şentop Kosowanyň Esaslandyrylan Gününi Gutlady

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Kosowa döwletiniň esaslandyrylan gününi gutlady.

1780240
Şentop Kosowanyň Esaslandyrylan Gününi Gutlady

Şentop, Kosowa Respublikasynyň Mejlisiniň Başlygy Flauk Konýufja Milli gün mynasybetli gutlag ýüzlenmesini ugratdy.

TBMM-niň Başlygy gutlag hatynda; “Kosowa döwletiniň esaslandyrylan güni mynasybetli dost we doganlyk Kosowanyň halkyny öz adymdan we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň agzalarynyň adyndan mähirli gutlaýaryn. Köki taryhdan gelýän dostluk we doganlyk gatnaşyklaryndan gözbaş alýan Türkiýe-Kosowa gatnaşyklarynyň hem-de parlamentlerimiziň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň, halklarymyzyň umumy bähbitlerine laýyklykda ähli ugurda hasam ösjekdigine we sebitiň durnuklylygyna goşant goşmaga dowam etjekdigine ýürekden ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp dost we doganlyk  Kosowanyň halkyna jan saglygyny, asudalyk we eşretli durmuş, Siziň aly hezretleriňize we Kosowanyň Mejlisiniň hormatly agzalaryna üstünlik hem-de bagtyýarlyk arzuw edýärin” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar