Erdogan Putin we Zelenskiýniň Duşuşygy Boýunça Ylalaşyk Gazanylandygyny Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Ukraina saparyndan gaýdyşyn uçarda žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky soraglaryna jogap berdi.

1773597
Erdogan Putin we Zelenskiýniň Duşuşygy Boýunça Ylalaşyk Gazanylandygyny Aýtdy

Erdogan; “Hormatly Putin bilen Zelenskiýni ýokary derejede duşuşdyrmak üçin maslahat geçirmek isleýäris. Zelenskiý bilen bu barasynda ylalaşdyk” diýdi.

Saparda Ukrainanyň özygtyýarlylygyna, syýasy jebisligine we territorial bitewligine berilýän goldawyň ýene-de bir gezek nygtalandygyny aýdan Erdogan; “Gynansagam Ukraina bilen Russiýanyň gatnaşyklarynda dartgynlyk barha möwç alýar. Dartgynlygyň gowşadylmagy üçin degişli goşandy goşmaga taýadygymyzy Hormatly Zelenskä aýratyn beýan etdik. Ol hem “Şeýle başlangyç meniň üstüme näme jogapkärçilik düşýän bolsa men ony ýerine ýetirmäge taýar diýdi” diýdi.

Prezident Erdygan žurnalistleriň Ukraina bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlykda halkara metbugatyň bir bölegi bilen ABŞ-nyň we Britaniýanyň başda durmagyndaky döwletleriň dartgynlygyň möwç almagyna sebäp bolýan beýannamalary hakyndaky analizleri boýunça soragyna şeýle jogap berdi; “Şuny açyk we anyk aýdasym gelýär; bu tapgyrda üns berilýän bolsa günbatar gynansagam häzirki wagtda bu işin çözülmegine goşant goşmady. Diňe işi çykgynsyzlaşdyrýar diýip bilerin. Bu meselede Hormatly Putin bilen geçiren söhbetdeşligimiň möhümdigini aýdasym gelýär. Eýsem Zelenskiý bilen geçiren duşuşygymda, onsuz hem bu meseleler bilen bagly ylalaşýandygymyzy gördüm. Sebäbi häzirki wagtda Ýewropada bu işi çözmek üçin lider kynçylygy bar.

ABŞ bilen bagly ýagdaýa seredilenden bolsa Baýden hem häzirki wagtda bu meselä oňyn çemeleşmedi. Daşary işler ministrleriniň geçiren duşuşyklaryndan hem netije çykmady. Ony olaryň özlerinde-de anyk, aç-açan görýäris. Biz Hormatly Putin bilen geçirjek duşuşykdan soň eger töwellaçy hökmünde bize jogapkärçilik berilse, bu meselä degişli bolmagy kabul ederis we bize näme jogapkarçilik düşýän bolsa ýerine ýetirmäge synanşarys” diýdi.

Erdogan Azerbaýjanyň Prezident Ilham Aliýewiň we Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň hem Ukraina sapar gurandygyny ýatladyp; “Şol saparlar bilen bagly degişli netijeleri çykarmak, şoňa laýyklykda başlangyçlar etmek isleýäris. Hormatly Ilham Aliýew doganymyz bilen bu sapardan soň käbir söhbetdeşliklerimiz boldy. Mesele, hiç zada garaşman bu meseläniň çözülmegi üçin tagalla girişmek” diýdi.

Erdogan Putiniň Zelenskiý bilen duşuşygy hakynda bolsa, Putiniň Türkiýäniň çakylygyna laýyklykda Hytaýdan gelenden soň sapar etjekdigi hakynda habar berilendigini ýatladyp; “İndi wagtyny kesgitläris. Soň bolsa Hormatly Putin bilen Hormatly Zelenskiýni ýokary derejede duşuşdyrmak üçin enşalla bu maslahaty geçirmek isleýaris. Zelenskiý bilen hem şeýle ylalaşdyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar