“Men Hamasy Terror Guramasy Hökmünde Görmeýärin”

Erdogan bilen Mikotakis özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

2139129
“Men Hamasy Terror Guramasy Hökmünde Görmeýärin”

Prezident R. T. Erdogan bilen düýn paýtagt Ankarada saparda bolan Gresiýanyn Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis özara we toparara duşuşykdan soň metbugata beýannama berdi.

Gresiýanyň Premýer-ministriniň beýannamasynda “Türkiýe bilen Ýakyn Gündogar meselesinde garaýyş tapawutlylygy bar. Ysraýylyň Gaza Sektoryna girmegi we terror guramasy hökmünde kabul edilýän Hamas meselesinde Türkiýäniň tapawutly garaýşa eýedigini bilýäris” diýmeginden soň Prezident Erdogan “Men Hamasy terror guramasy hökmünde görmeýärin” diýdi.

Prezident Erdogan “Hamas 1947-nji ýyldan bäri topraklary basylyp alynan we öz territoriasyny goramak üçin göreşýän gurama. Şol gurama gynansakda Ysraýylyň rehimsiz hüjümlerinde ýogalan 45 müňe golaý ynsanyň ýogalmagyna garşy olary goramak üçin göreşýär. Hamasa terror guramasy diýmek dogry däl. Bu ýerde Hamasa terror guramasy diýilmegi bizi gynandyrar. Ýurdumyzda Hamasa agza müňden gowrak adam bejergi alýar. Günbatarly ýurtlar olara garşy dürli görnüşli ýaraglar bilen hüjüm edýär. Hamasa terror guramasy diýmegiňiz meni gynandyrar” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar