Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministri Rama bilen metbugat ýygnagyna gatnaşdy

Erdogan Türkiýäniň Balkanlaryň parahatçylygy, asudalygy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi nähili ýerine ýetiren bolsa, mundan soň hem şolar ýaly görnüşde parahatçylygyň we asudalygyň kepilligi üçin kepillendiriji ýurtlaryň biri boljakdygyny belledi

1764108
Prezident Erdogan Albaniýanyň Premýer ministri Rama bilen metbugat ýygnagyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama bilen ýurdyň paýtagty Tirana şäherinde resminamalara gol çekmek dabarasyndan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi. 

Edi Rama bilen geçiren gepleşiklerinde Fetullahçy terror guramasyna garşy göreşiň üstünde durup geçendiklerini aýdan Erdogan: "Albaniýada FETÖ-niň entegem iş alyp barmaga mümkinçilik tapmagy bizi örän gynandyrýar. Has tiz ädimleriň edilmegine garaşýarys" diýip beýan etdi. 

Rama bilen Balkanlardaky ýagdaýy maslahatlaşandyklaryny, bu ýeriň parahatçylygyna we asudalygyna ähmiýet berýändiklerini aýdan Erdogan: "Türkiýe Balkanlaryň parahatçylygy, asudalygy üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi nähili ýerine ýetiren bolsa, mundan soň hem şolar ýaly görnüşde parahatçylygyň we asudalygyň kepilligi üçin kepillendiriji ýurtlaryň biri bolar" diýip mälim etdi. 

Rama bolsa öz gezeginde: "Albaniýada ýa-da Ýewropa Bileleşiginde hiç kimiň, Türkiýe-Albaniýa gatnaşyklaryndan biynjalyk bolmaly däldigine ynanýaryn. Sebäbi bu däbe öwrülen bir gatnaşykdyr" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan Rama bilen geçiren duşuşgyndan soň Albaniýanyň Mejlisinde çykyş etdi. 

Albaniýanyň Balkanlarda eýeleýän roluny takdyr edýändiklerini aýdan Erdogan: "Türk milleti hemişe bolşy ýaly şu günki gün hem Albaniýanyň ýanyndadyr. 1923-nji ýylda gazanan dostlukly ylalaşyklarymyzyň ilkinjileriniň biri hem Albaniýa bilen amala aşyryldy. Türkiýe we Albaniýa bilelikde hereket eden halatynda Alla ýol berse hötdesinden gelip bilmejegi mesele, çözüp bilmejegi kynçylyk, ýetip bilmejegi sepgit ýokdyr" diýip habar berdi. 

Erdogan koronawirus epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan ýerli sanjym Turkowak bilen hem hemişe Albaniýanyň ýanynda boljakdyklaryny beýan etdi. 

Erdogan TIKA edarasy tarapyndan abatlanan Ethem Beg metjidiniň açylyşyny ýerine ýetirdi. 

Açylyş dabarada çykyş eden Erdogan: "Türkiýäniň we Albaniýanyň umumy taryhy we medeni mirasy bolan Ethem Beg metjidi, şol bir wagtda Tirananyň dür dänesidir. Oraza aýyna çenli Namazgah metjidini hem tamamlarys. Balkanlarda Türkiýäniň we Albaniýanyň hötdesinden gelip bilmejegi mesele ýokdyr" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar