Sarygamyş Şehitleri Hatyralandy

Sarygamyş operasiýasynyň 107-nji ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 10 müň adam sowuk howa garamazdan bilen ýöriş geçirdi.

1759212
Sarygamyş Şehitleri Hatyralandy
sarikamis mesaleli yuruyus1.jpg
sarikamis mesaleli yuruyus.jpg

Karsda Sarygamyş operasiýasynyň 107-nji ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 10 müň adam sowuk howa garamazdan bilen ýöriş geçirdi.

Sarygamyş etrabyndaky Kazym Karabekir serkerde metjidinde şehitler üçin Gurhan okalyp doga edildi.

Müňlerçe adam soň bolsa Sarygamyş 15-nji İýul Demokratiýa meýdanynda bir ýere jemlenişdi.

Ellerinde Türkiýäniň baýdagyny göteren 10 müň adam sowuk howa garamazdan 3 kilometrlik ýörişden soň Ýokarky Sarygamyş şehitliginde ot bilen “Ruhuňyz şat bolsun” diýip ýazdy.

Karsyň welaýat häkiminiň başlygy Türker Öksük şehitlikde eden çykyşynda, Sarygamyş şehitlerini uly hormart bilen ýatlaýandyklaryny nygtap “Siziň amanadyňyzy ebediýete çenli gorap saklarys” diýdi.


Etiketkalar: #hatyralamak , #Sarygamyş , #Kars

Degişli Habarlar