Yragyň demirgazygynda 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1754412
Yragyň demirgazygynda 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä Milli Howpsuzlyk gullugy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleri Gara sebitinde umumy operasiýa geçirdiler. 

Operasiýanyň netijesinde PKK/KJK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine minomýot we köp nilli raketalar bilen hüjüm guran ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitine minomýot we köp nilli raketalar bilen hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza terrorçylara berk garşylyk görkezildi. Ilkinji kesgitlemelere görä hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilip, terrorçylar tarapyndan ulanylan ulag hem hatardan çykaryldy" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #Gara , #Yrak , #Türkiýe

Degişli Habarlar