Akar: Gresiýanyň Ýaraglanma Tagallalary Netijesiz

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Gresiýanyň soňky döwürdäki ýaraglanma tagallalary bilen Türkiýeden asgyn gelme synanşygynyň netijesiz tagalladygyny aýtdy.

1752195
Akar: Gresiýanyň Ýaraglanma Tagallalary Netijesiz

Hulusi Akar, Baş ştabyň Başlygy general Ýaşar Güler we harby goşunlaryň serkerdeleri bilen Ministrligiň Medal gowşurlyş, Başarjaň harby bölümlerin we gullukçylaryň sylaglandyrlyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Akar, gazanylan möhüm üstünlikleri mynasybetli ähli harby gullukçylary gutlady.

Prezident R.T.Erdoganyň liderliğinde halkara arenasynda güýçlenen Türkiýäniň wakalar boýunça proaktiw çäreleri iş ýüzüne geçirýändigini aýdan Akar; “Türk ýaragly güýçleriniň borjy ýurdumyzyň we milletimiziň howpsuzlygyny, goranyşyny üpjün etmek, özygtyýarlylygymyzy we ykbalymyzy gorap saklamak üçin gury ýerde, deňiz giňişliginde we howada öz üstümize düşýän jogapkärçilik bilen ýerine ýetirmekden ybarat” diýdi.

Terrorizme garşy göreşiň ýokary depginde dowam edýändigini nygtan Akar, soňky terrorçy ýok edilýänçä şol göreşiň dowam etjekdigini beýan etdi.

Soňky döwürde Gresiýadaky ýaraglanma tagallalary hakynda-da durup geçen Akar; “Käbir ýurtlaryň höweslendirmeleri we meçew bermegi bilen özlerine görä ýaraglanyp, Türkiýeden asgyn gelmäge synanşýarlar. Ol netijesiz tagalladyr. Aýratynam NATO-nyň çäginde ýaran bolmagyň ýanynda täze arkalaşyklar arkaly bir zatlar etmäge synanşýarlar. Bularyň ählisiniň emelidigini adýarys. Netijede näme etseler etsinler, Türk ýaragly güýçleri ýurdumyzyň we milletimiziň bähbitlerini goramakda ygrarly, egilşiksiz we onuň hötdesinden geler. Bu hemmeler tarapyndan bilinsin” diýdi.

 



Degişli Habarlar