Prezidentiň Medeniýet we sungat sylaglary eýelerine gowşuryldy

Prezidentiň Medeniýet we sungat baýraklaryny sylaglandyrmak dabarasy Prezidentiň kompleksinde geçirildi

1750637
Prezidentiň Medeniýet we sungat sylaglary eýelerine gowşuryldy

Sylaglar Prezident Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan gowşuryldy. 

Dabarada çykyş eden Prezident Erdogan: "Professor Doktor Teoman Duraly mugallymymyz 2 hepde ozal aradan çykdy. Mugallymymyz ýerli we milli pozisiýasy bilen ylyma we paýhasa eýe, soňky zamananyň ýetişdiren iň möhüm pikirzadalarynyň biridi" diýip habar berdi. 

Erdogan aýdym-saz ugrunda sylaga laýyk görülen pianist Idil Biretiň ýurdyň içinde we daşary ýurtlarda beren konsertleri bilen aýdym-sazy beýgeldendigini mälim etdi. 

Erdogan: "Wepa sylagymyzy pikir dünýäsine iň köp täsir ýetiren adamlaryň biri bolan Kemal Tahire berýäris. Ol ençeme intellektual adamlarymyza ylham çeşmesi boldy" diýip aýan etdi. 

 

 



Degişli Habarlar