Türkiýe NATO-nyň Howpsuzlygynyň Merkezinde Ornaşýar

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Türkiýäniň NATO-nyň iň güýçli goşunlaryna eýe ikinji ýurt hökmünde Ýaranlygyň howpsuzlygynyň merkezinde ornaşýandygyny beýan etdi.

1736022
Türkiýe NATO-nyň Howpsuzlygynyň Merkezinde Ornaşýar

Hulusi Akar, Baş ştabyň Başlygy general Ýaşar Güler we goşun serkerdeleri bilen birlikde 2023-nji ýylda NATO-nyň Söweşjeň korpus wezipesini eýelejek 3-nji Korpusyň serkerdeligini söweş operasiýasyna taýarlamak maksady bilen geçirilen Hüşgär-21 türgenleşiginiň “Saýlama synçy gününe” bagyşlanan çäresine gatnaşdy.

Halkara bilelikdäki Söweşjeň merkeziň serkerdeliginde geçirilýän türgenleşik hakynda brifing alan ministr Akar, global we sebitleýin derejede howplaryň hem-de wehimleriň artýandygyny beýan etdi.

Halkara howpsuzlyk we goranyş guramalarynyň jogapkärçiliginiň hemişekisinden has agyrdygynyna ünsi çeken Hulusi Akar; “Türkiýe, DAEŞ-e, PKK/ÝPG-ä, Fetullahçy terror guramasyna we beýleki terror guramalaryna garşy şol bir wagtda göreşýändigine garamazdan sebitindäki howplara we wehimlere garşy Alýansyň güýjüne we adam serişdelerine üznüksiz goşant goşmaga dowam edýär. NATO-nyň we Ýewropanyň serhetlerini terrordan, kontrabandadan we adam gaçakçylygyndan goramak üçin degişli çäreleri görýär. NATO-nyň esasy goşunlaryna eýe ýurt hökmünde Alýansyň jogapkärçiligini we ähli düzgünlerini birkemsiz berjaý edip, NATO-ny öz howpsuzlygynyň merkezine ornaşdyrýar. Şol bir wagtda-da NATO-nyň howpsuzlygynyň merkezinde orun tutýar” diýdi.

Milli goranmak ministri Akar Bilelikdäki guryýer serkerdeliginiň, Deňiz howpsuzlygynyň merkeziniň, Terrorizme garşy göreş merkeziniň we Parahatçylyk ýaranlygyň tälim merkeziniň, Ballistiki raketa radar giňişliginiň we Alynky operasiýa howa bazasy ýaly merkezleriň Türkiýede ýerleşýändigini beýan edip, şol ştab kwartiralary NATO-nyň harby düzümlerini emele getirýän esasy merkezler, umumy goranyş we ýüz öwürdijilik düşünjesiniň gaýragoýulmasyz güýçleri hökmünde häsýetlendirdi.

 



Degişli Habarlar