“Siriýadaky Terrorçylaryň Saplanmagy Üçin Elimizden Geleni Ederis”

Çawuşoglu, Siriýadan PKK/  ÝPG tarapyndan Türkiýä guralýan hüjümler hakynda durup geçdi.

1719060
“Siriýadaky Terrorçylaryň Saplanmagy Üçin Elimizden Geleni Ederis”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, “Siriýadaky terrorçylaryň saplanmagy üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Ministr Çawuşoglu paýtagt Ankarada beren beýannamasynda, Siriýadan PKK/  ÝPG tarapyndan Türkiýä guralýan hüjümler hakynda durup geçdi.

Soňky döwürde şuňa meňzeş hüjümleriň guralmaga başlandygyny we soňky hüjümlerde Russiýanyň we ABŞ-nyň jogapkärçiliginiň bardygyny nygtan Çawuşoglu, “Iki ýurt hem şol terrorçylary azyndan 30 kilometr günorta çenli çykarmalydy. Russiýa, Tel Ryfady we Manbiji terrordan saplamalydygy. Beren wadasynda durmady” diýip belledi.

Russiýa bilen ABŞ-nyň wadasynda durmandygyny ýatladan Çawuşoglu, “Hüjümleri ýazgarýarys” diýýärler, emma ol ýaraglary kim berýär, sen tälim berýärsiňiz, soň bolsa hüjümleri ýazgarýarys diýýärsiň. Biz terrorçylaryň ýok edilmegi üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

Siriýanyň Mera etrapçasynda ekstremist terror guramasy tarapyndan hepdäniň ahyrynda guralan hyýanatçylykly hüjümde 2 polis gullukçysy şehit bolupdy.

Prezident R. T. Erdogan hem öňňin beren beýannamasynda ady agzalýan ýerlere operasiýa gurap biljekdiklerini aýdypdy.



Degişli Habarlar