Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglu, Sudanly we Gaitili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy

Serbiýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu iş saparynyň çäginde sudanly we gaitili kärdeşleri bilen duşuşdy.

1717582
Daşary Işler Ministri Mewlüt Çawuşoglu, Sudanly we Gaitili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy

Arabaglanşyksyzlar hereketiniň 60 ýyllygy mynasibetli geçirlen maslahata gatnaşmak üçin Serbiýa giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu iş saparynyň çäginde sudanly we gaitili kärdeşleri bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşoglu Twitterden beren habarnamasynda “Belgrada guran saparymyň çäginde Sudanyň Daşary işler ministri kärdeşim Merýem Al Sadyk bilen özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşdyk. Türkiýe Sudana goldaw bermäge dowam eder”diýdi.

Çawuşoglu başga bir habarnamasynda bolsa “Belgratdaky ikinji duşuşygymy Gaitiniň Daşary işler ministri bilen geçirdim. Özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdyk” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar