Awaşin-Basýanda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1714501
Awaşin-Basýanda 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Terror guramasy PKK/KJK-a Yragyň demirgazygynda ýene-de bir uly zarba uruldy. Penje-Ýyldyrym operasiýa sebitindäki Awaşin-Basýan sebitinde ýerleşýän, PKK/KJK terror guramasynyň örän ygtybarly we ele salynmasy mümkin bolmaýan ýer diýip häsýetlendiren gündogar ştaby ele salyndy. Üstünlikli operasiýa geçirip gowaga girmegiň hötdesinden gelen we terrorçylar bilen çaknyşan desant güýçlerimiz, PKK/KJK-a agza 12 terrorçyny ellerindäki ýaraglar bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar