Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1712925
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Howpsuzlyk çeşmelerden alynan maglumata görä, Milli Howpsuzlyk gullugy we Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan 27-nji sentýabrda Yragyň demirgazygyndaky Metina sebitinde operasiýa geçirildi. 

Operasiýanyň barşynda PKK/KJK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapyndan Içeri işler ministrligi ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Eren-13 operasiýasynyň çäginde geçirilen terror operasiýalary barada maglumat berildi. 

Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Şyrnak welaýatynyň Bestler/Dereler sebitinde 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň biriniň Şyrnak welaýatynda Botan sebitinden jogapkär ýolbaşçysydygy we Terrordan gözlenýänleriň sanawynda 500 müň lira sylag bilen gözlenýän Zagros Judi adyny ulanýan Mehdi Uýsal atly terrorçy bolandygy habar berildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #terror , #KJK , #PKK

Degişli Habarlar