TEKNOFEST festiwaly şu gün öz işini tamamlar

TEKNOFEST festiwalyna örän uly gyzyklanma bildirilýär

1710626
TEKNOFEST festiwaly şu gün öz işini tamamlar
teknofest.jpg
teknofest.jpg

Stambul şäherindäki Atatürk adyndaky howa menzilinde dowam edýän festiwalyň çäginde, Türk Ýyldyzlary topary şou uçuşyny ýerine ýetirdiler. 

Uniwersitetde okaýan 3 talyp tarapyndan dizaýn edilen we TÜBITAK tarapyndan geçirilen ýaryşda geçen ýyl 2-nji oruna, şu ýyl bolsa 1-nji oruna mynasyp görülen gyrgy guşy görnüşindäki robot guş, TEKNOFEST festiwalynda sergilendi. 

Liseýde okaýan okuwçylar tarapyndan oýlanyp tapylan nitinol atly ergin bilen ulaglary gaplap, ulag heläkçiliklerinde adam pidalarynyň we zyýanyň öňüniň alynmagy maksat edinilen taslama hem TEKNOFEST festiwalynda sergilendi.

Festiwalyň çäginde sergilenen Maşyn we himiýa senagaty anonim kärhanasynyň pawilýonyndaky ýaragly amfibiýa 8x8 ulag Algana, E-ZMA imitasiýa enjamy we aň bilen dolandyrylýan ulag ýaryşyyna hem uly gyzyklanma bildirildi. 

Gelen myhmanlar gologramma enjamynda görkezilen ýakyn howa goranyş ulgamyna, uçarmansyz howa ulagy ok-däri daşaýjysyna, elektrik tokda işleýän gaubisalara we deňiz topy ýaly önümlere tomaşa etmäge mümkinçilikleri boldy. 

Beýleki tarapdan bolsa Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem TEKNOFEST festiwalyna gezelenç etdi. 

Süleýman Soýlu ol ýerden eden çykyşynda: "Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdoganyň bu ýerde buşlukly habary boldy, çäre halkara derejedäki bir çärä öwrüler. Bu hem biziň buýsanç çeşmämiz" diýip belledi. 



Degişli Habarlar