Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Erdogan, Italiýanyň Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegine goldaw bermäge dowam etjekdiginine ynanýandygyny belledi.

1705032
Prezident Erdogan Italiýanyň Premýer Ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Italiýanyň Premýer ministri Mario Dragi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Italiýanyň Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň güýçlendirilmegine we agzalyk etabyna güýçli goldaw bermäge dowam etjekdiginine ynanýandygyny belledi.

Erdogan, Gümrük bileleşigi şertnamasynyň gözden geçirilmegi üçin gepleşikleriň gysga wagtda we şertsiz başlamagynyň we her bir ýurt üçin bähbitli bolan İmmigrantlar ylalaşygynyň ýaňadandan seljerilmeginiň möhümdigini nygtady.

Prezident Erdogan, Owganystanyň Talibanyň gözegçiligine geçmegi bilen täze atmosferanyň emele gelendigini, owgan halkyna ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin Taliban bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini beýle bolman halatynda uly göç tolkunynyň başlajakdygyny ýatlatdy.

Italiýanyň Premýer ministri bolsa Prezident Erdogany, ýurdunyň döwürleýin ýolbaşçylygynda oktýabr aýynda Rimde geçiriljek G-20-ä agza ýurtlaryň liderler maslahatyna çagyrdy.



Degişli Habarlar