Prezident Erdogan Paralimpiýa oýunlarynda medal gazanan türgenleri gutlady

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan 2020 Paralimpiýa oýunlarynda medal gazanan milli türk türgenlerini gutlady

1699155
Prezident Erdogan Paralimpiýa oýunlarynda medal gazanan türgenleri gutlady

Prezident Erdogan bürünç medala eýe bolan Ali Öztürk, Nesim Turan we Kübra Korkut bilen Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde saparda bolan Ýaşlar we sport ministri Mehmet Muharrem Kasapoglynyň üsti bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy. 

Prezident Erdogan bürünç medala eýe bolan, emma telefon söhbetdeşliginiň geçirilýän mahaly ol ýerde bolmadyk Rejep Çiftçi , Zeýnep Çelik we Besra Duman atly türgenlere hem salamyny ugradyp: "Sizi gutlaýaryn. Üstünlikleriňiz bizi örän bagtyýar etdi" diýip belledi. 

Türgenler hem berýän goldawlary üçin Prezident Erdogana minnetdarlyk bildirdiler. 



Degişli Habarlar