Kommunikasiýalar edarasy Malazgirt Ýeňişi bilen bagly wideo taýarlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy, türklere Anadolynyň gapylaryny açan Malazgirt ýeňişiniň 950 ýyllygyna bagyşlap wideo taýarlady

1697929
Kommunikasiýalar edarasy Malazgirt Ýeňişi bilen bagly wideo taýarlady

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Malazgirt ýeňeşiniň 950 ýyllygyna bagyşlanyp taýarlanan wideony sosial media hasabynyň üsti bilen paýlaşdy. 

Altun: "Malazgirt ýeňişiniň 950-nji ýylynda Anadolynyň basybalyjysy, beýik serkerde Soltan Alparslany we eziz şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn" diýip belledi. 

"Anadoly bar bolsa biz hem bardyrys" sözbaşyly wideo 1 minut 45 sekunt dowam edýär. 

Soltan Alparslanyň beýik ýeňişden ozal aýdan "Ýak ýeňiş gazanaryn maksadyma ýeterin, ýa-da şehit bolup jennede giderin" sözleri bilen başlaýan wideoda, Malazgirtden Milli Azat edijilik söweşine çenli Anadoly ugrunda alynyp barylan gahrymançylykly göreşler suratlandyrylýar. 

Wideoda: "950 ýyl ozalky tolgunmadan hiç zat ýitirmedik, tebigaty, taryhy, adamlary bilen deňsiz-taýsyz bolan bu toprak bölegini bagryna basan, iki gözi dek garan milletimiz, Anadolynyň ýurt hökmünde tutunmagynyň şatlygyny başyndan geçirýär. Malazgirt ýeňişimiz gutly bolsun" sözleri bilen tamamlanýar. 



Degişli Habarlar