Dogry we Ynamdar Habarlary TRT World we AA-dan Alyp Bilersiňiz

Bu barasynda Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Twitterden beren habarnamasynda nygtady

1680464
Dogry we Ynamdar Habarlary TRT World we AA-dan Alyp Bilersiňiz

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Türkiýäniň döwlet ýaýlym organlary bolan Türkiýäniň radio we telewideniýa guramasy bilen “Anadoly” habarlar gullugynyň Tunisde başdan geçirilýän wakalary ilkinji pursatdan başlap bütin dünýä ýetirendigini beýan edip, dogry we ynamdar habarlaryň TRT Worldyň we “Anadoly” habarlar gullugynyň hasaplaryndan alynyp bilinjekdigini aýtdy.

Fahrettin Altun Twitter hasabyndan beren habarnamasynda Türkiýe Respublikasynyň elmydama we her ýerde demokratiýanyň hem-de milli ygtyýaryň tarapynda durýandygyny nygtady.

Milletiň geçmişde häkimiýetiň saýlaw bilen alnyp, berilmänligi sebäpli uly kynçylyklaryň çekendigini ýatladan Altun: “Şol sebäpli Tunisde başdan geçirilýän soňky wakalara alada bildirip, demokratiýanyň gysga möhletde ýaňadandan ýola goýulmalydygyna ynanýarys” diýdi.

Türkiýäniň döwlet ýaýlym organlary TRT-niň we “Anadoly” habarlar gullugynyň başdan geçirilýän wakalary ilkinji pursatdan başlap bütin dünýä ýetirendigini beýan eden Altun, dogry we ynamdar habarlaryň TRT Worldyň we “Anadoly” habarlar gullugynyň hasaplaryndan alynyp bilinjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar