Mustafa Şentop Kuweýde gitdi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop resmi sapar bilen Kuweýde gitdi

1673651
Mustafa Şentop Kuweýde gitdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Beýan köşgünde Kuweýdiň Emiriniň wekili we Mirasdar Şazadasy Şeýh Meşal Al Jabir Al Sabah bilen duşuşyk geçirer. Şentop ondan soň bolsa Kuweýdiň Premýer ministri Şeýh Sabah Al Halid Al Hamad Al Sabah bilen duşuşyk geçirer. 

Mustafa Şentop we ýanyndaky parlament wekiliýeti, ondan soň bolsa Kuweýdiň Millet mejlisinde Kuweýdiň Millet mejlisiniň başlygy Marzuk Ali Al-Ganim bilen duşuşar. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Kuweýdiň Daşary işler ministri we Ministrler kabinetinden jogapkär Döwlet ministri Şeýh Ahmed Nasyr Al Muhammed Al Sabahy kabul edeninden soň, resmi saparyny tamamlap, ertir Türkiýä gaýdyp geler.



Degişli Habarlar