Türkiýede Kovid-19 Sanjymyny Etirenleriň Sany 49 Milliona Golaýlady

Raýatlar söwda merkezlerinde, howa menzillerinde, otly wokzallarynda we terminallarda Sinovak we BioNTech sanjymlaryndan birini etdirip biler.

1666851
Türkiýede Kovid-19 Sanjymyny Etirenleriň Sany 49 Milliona Golaýlady

Türkiýede täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde birinji we ikinji doza sanjymyny etdirenleriň sany 15 million adamdan geçdi.

Kowid-19 Sanjym strategiýasynyň çäginde soňky gezek 18 ýaşyny dolduran her bir adamyň koronawirus sanjymyny etdirip biljekdigi habar berlipdi.

Raýatlar söwda merkezlerinde, howa menzillerinde, otly wokzallarynda we terminallarda Sinovak we BioNTech sanjymlaryndan birini etdirip biler.

Saglygy goraýyş ministrliginiň "covid19asi.saglik.gov.tr" salgysynda berlen görkezijilere görä, 29-nji iýunda Türkiýe wagty bilen 15.07-ä çenli birinji doza sanjymyny etdirenleriň sany 33 million 927 müň 394, ikinji doza sanjymyny etdirenleriň sany bolsa 15 million 3 müň 872 adama ýetdi.

Şeýlelikde häzire çenli jemi 48 million 931 müň 226 doza sanjym edildi.


Etiketkalar: #sanjym , #Kovid-19 , #koronawirus

Degişli Habarlar