Ýerli Sanjymyň Alfa Wariantyna Garşy Hem Netijelidigi Anyklandy

Ýerli koronawirus sanjymy “TURKOVAC-yň” Britaniýa warianty hökmünde bilinýän “alfa” wariantyna garşy hem netijelidigi görüldi

1664586
Ýerli Sanjymyň Alfa Wariantyna Garşy Hem Netijelidigi Anyklandy

Sanjymyň haýwanlarda geçirilen synaglary üstünlikli netije berdi.

Birnäçe gün ozal 3-nji tapgyr barlaglaryna başlanan ýerli “TURKOVAC” sanjymy bilen bagly hoş habary Kaýseri Erjiýes uniwersitetiniň Rektory Professor Mustafa Çalyş berdi.

Iňlis warianty bilen bagly geçiriji syçanlarda barlag geçirilendigini beýan eden Çalyş; “Biziň “TURKOVAC” sanjymymyzyň iňlis wariantyna garşy geçiriji syçanlarda, haýwanlarda has netijelidigini gördük. Bu hoş habary bermek isledim” diýdi.

Professor Çalyş “TURKOVAC-yň” koronawirusiň beýleki wariantlaryna garşy netijeli bolup bolmandygy hakynda bolsa, umuman alymlar tarapyndan hem inaktiw sanjymlaryň ençeme warianta garşy netijeli boljakdygyny aýdandygyny nygtap: “ “TURKOVAC-yň” gysga möhletde ýurdumyzda we bütin dünýäde ulanylmaga başlamagyny isleýäris. Oňa sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýdi.

“TURKOVAC-yň” 3-nji tapgyr synaglary meýletinlerde dowam edýär.

3-nji tapgyr synaglardan gowy netije alynan halatynda sanjym adatdan daşary ýagdaýlardan ulanyş rugsady bilen millionlarça adama şypa berer.



Degişli Habarlar