Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 575 adama ýetdi

1660889
Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 59 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany jemi 49 müň 71 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 224 müň128 adam testden geçirilip, ýene-de 497 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 575 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 427 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 224 müň 224 adama ýetdi.

Beýleki tarapdan Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde Türkiýede 1-nji we 2-nji doza sanjym etdiren raýatlaryň sany Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:40-a çenli 40 million 215 müň 132 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar