Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 84 Boldy

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 48 müň 879 adama ýetdi.

1658674
Soňky 24 Sagatda Koronawirus Sebäpli Çekilen Adam Pidasy 84 Boldy

 

Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 84 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 48 müň 879 adama ýetdi.

24 sagadyň dowamynda 223 müň 846 adam testden geçirilip, ýene-de 532 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 955 adama ýetdi

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 186 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 211 müň 22 adama ýetdi.



Degişli Habarlar