Erdogan Baýden Bilen Duşuşygyndan Soň Beýannama Berdi

Prezident R. T. Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen geçiren duşuşygynyň netijeli geçendigini aýtdy

1658232
Erdogan Baýden Bilen Duşuşygyndan Soň Beýannama Berdi

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde NATO-nyň liderler maslahatyna gatnaşan Erdogan, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşdy.

Liderler metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbşaçylyk etdi.

Prezident Erdogan duşuşykdan soň metbugata beren beýannamasynda, “İki ýarana we strategik hyzmatdaşa gelişýän netijeli we yzygiderli gepleşikleriň geçirilmegi meselesinde ylalaşyk gazandyk. Özara bähbide laýyk gelýän hyzmatdaşlyk ugurlaryny seljerdik. Russiýadan satyn alynan raketa goranyş ulgamlary S-400-ler we edil şonuň ýalyda F-35-ler hakynda garaýşymyzy jenap Baýdene gürrüň berdim” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýe-ABŞ gatnaşyklarynda çözülmejek meseläniň bolmandygyny beýan edip: “Hyzmatdaşlyk ugurlarymyzyň düşnüşmeýän meselelerden has giňdigini pikir edýäris. Owganystandan çykmagymyz islenmeýän bolsa, ol ýerde diplomatik, logistiki, maliýe ugurlarda ABŞ-nyň bize berjek goldawy iňňän möhüm” diýdi.

Erdogan Kabul howa menzilibniň howpsuzlygynyň goralmagy hakynda bolsa; “Pakistan, Wengriýa bilen işleşmek hakyndaky garaýyşymyzy Baýdene beýan etdik” diýdi.

Erdogan Baýdeni Türkiýä çagyrandygyny, onuň hem çakylyga oňyn garandygyny aýtdy.

R.T.Erdogan öz işini tamamlan NATO-nyň sammiti hakynda bolsa, global gurnuklylygyň goralmagynda NATO-nyň hem kesgitleýijiliginiň hem-de öz üstüne almaly borçlarynyň artandygyny nygtap: “Döwür, jogapkärçilikden gaça durmagyň däl, eýsem eliňi daşyň astyna goýma döwri” diýdi.

Prezident Erdogan: “Ortaýer deňizinde, Gara deňizde, Ýewropadan Aziýa, NATO-nyň üpjün edýän howpsuzlyk saýawanynyň gerek bolan ýerleriniň ählisinde Alýaans işjeň pozisiýa eýelemeli” diýdi.

Erdogan çykyşynda Türkiýäniň serhetaşa operasiýalary hakynda; “Serhetaşa operasiýalarymyzyň netijesinde 8,200 inedördül kilometrden gowrak meýdany terrordan sapladyk. NATO-nyň sammitinde hem çykyşymyzda hem-de özara duşuşyklarymyzda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä berilýän goldawyň indi bes edilmelidigini aç-açan beýan etdik” diýdi.

Prezident Erdogan: “Terrorizm meselesinde guramalaryň arasynda tapawut goýýan, gowy terrorçy-erbet terrorçy häsýetlendirmesini berýän ýalňyş düşünje entegem dowam edýär. Şeýle ikirjiňli çemeleşmänin terrory ýok edip bilmejekdigi, tersine terrora güýç berjekdigi äşgärdir” diýdi.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde Gresiýanyň Premýer-ministri Kirýakos Mikotakis bilen geçiren duşuşygy hakynda bosla: “Netijeli duşuşyk boldy. Hem Egeýde hem-de beýleki sebitlerde üçünji ýurtlary ýa-da taraplary bu işe goşmaly diýdim” diýdi.



Degişli Habarlar