Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 12 adam boldy

1657093
Türkiýäniň Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreşi dowam edýär

Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 53 boldy.

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany 48 müň 721 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 214 müň 957 adam testden geçirilip, ýene-de 454 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 5 müň 12 adam boldy.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 4 müň 194 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 5 million 202 müň 251 adama ýetdi.


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar