Penje operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 129-a ýetdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi geçirilen howa operasiýasy barada maglumat berdi

1645622
Penje operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 129-a ýetdi

Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 4 terrorçynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hinlerini üstlerine ýumurmaga dowam edýäris. Yragyň demirgazygyndaky Awaşin-Basýan sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza ýene-de 4 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen 23-nji aprelde başladylan Penje operasiýalarynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 129-a ýetdi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar