Milli Howpsyzlyk Gullugynyň Operasiýalary Netijesinde Sofi Nurettin Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Prezident Erdogan, ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

1640999
Milli Howpsyzlyk Gullugynyň Operasiýalary Netijesinde Sofi Nurettin Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

 

Prezident R. T. Erdogan, ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Prezident Erdogan beýannamasynda, Milli howpsyzlyk gullugynyň operasiýalary netijesinde ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadan jogapkär ýolbaşçyjysydy aýdylýan Sofi Nurettin lakamly terrorçynyň Yragyň demirgazygynda täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Prezident Erdogan “Gandöküşikli hüjümiň jogapkäri bolan şol terrorçy, Siriýada Türk ýaragly güýçleri tarapyndan guralýan Ýefrat Galkany we Zeýtun Şahajygy operasiýalarynda esgerlerimize garşy guralan birnäçe hüjümiň hem jogapkäridir” diýdi.

Prezident Erdogan “Gara operasiýasynda 13 raýatymyzyň şehit edilmegi üçin görkezme berenlerden biri hem ýene şol terryorçydyr” diýip belledi.

Erdogan, täsirsiz ýagdaýa getirlen Sofi Nurettiniň, PKK/KJK bilen PÝD/ÝPG-niň şol bir terror guramasydygyny açyk aýdyk görkezýändigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar