Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany bolsa 44 müň 760 adama ýetdi

1640322
Türkiýäniň Kowid-19 pandemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 223 adam boldy. 

Epidemiýanyň başyndan bäri aradan çykan raýatlaryň sany bolsa 44 müň 760 adama ýetdi.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 202 müň 243 adam testden geçirilip, ýene-de 920 adama koronawirusyň ýokandygy anyklandy.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 10 müň 512 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan 14 müň 418 adam bilen birlikde, jemi sagalan raýatlaryň sany 4 million 947 müň 256 adama ýetdi.



Degişli Habarlar