Penje-Ýyldyrym operasiýalary giň gerimli dowam etdirilýär

23-nji aprelde başladylan Penje-Ýyldyrym operasiýalarynyň çäginde şu günki güne çenli 105 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1638768
Penje-Ýyldyrym operasiýalary giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň beýleki serkerdeleri düýn gije Şyrnak welaýatynda ýerleşýän operasiýa merkezinden dolandyrylýan operasiýalara gözegçilik etdi. 

Operasiýalaryň meýilleşdirilşi ýaly dowam edýändigini aýdan Hulusi Akar, 23-nji aprelde başladylan Penje-Ýyldyrym operasiýalarynda şu günki güne çenli 105 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Hulusi Akar, 1-nji ýanwardan bäri täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň bolsa jemi 1056-a ýetendigini mälim etdi. 

Operasiýalaryň Yrak döwleti başda bolmak bilen ähli goňşy ýurtlaryň territorial bütewiligine hormat goýulyp, serhetleriniň howpsuzlygyna we eldegrilmesizligine sarpa goýulmak esasynda amala aşyrylýandygyny aýdan Akar, operasiýalaryň iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli dowam etjekdigini aýan etdi. 

Terrorçylara degişli köp mukdarda ýarag we ok-däriniň ele salynandygyny aýdan Akar: "Hem ýurdumyzy hem-de Yrakly doganlarymyzy terror howpundan halas etmek biziň esasy wezipämizdir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar