“Ysraýylyň Hyýanatçylykly Hüjümleriniň Öňüni Almagyň Wagty Geldi”

Fahrettin Altun “Musulman dünýäsine ýüzlenýärin, Ysraýylyň hyýanatçylykly hüjümleriniň öňüni almagyň wagty geldi” diýdi

1637289
“Ysraýylyň Hyýanatçylykly Hüjümleriniň Öňüni Almagyň Wagty Geldi”

 

Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun “Musulman dünýäsine ýüzlenýärin, Ysraýylyň hyýanatçylykly hüjümleriniň öňüni almagyň wagty geldi” diýdi.

Altun, Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň Aksa metjidinde palestinalylara guran hüjümi hakynda Twitterden türk we iňlis dilinde beren habarnamasynda “Musulman dünýäsine ýüzlenýärin, Ysraýylyň hyýanatçylykly hüjümleriniň öňüni almagyň wagty geldi. Adamzada ýüzlenýärin terror döwletine degişli jogaby bermegiň wagty geldi. Bu biziň taryhy we gumanitar jogapkärçiligimiz. Biz bu zuluma garşy göreşmäge dowam ederis. Türkiýe Respublikasy, Prezidentimiz R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda bu zuluma garşy günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem göreşmäge dowam eder”diýip belledi.



Degişli Habarlar