6-njy Maý Radio Güni TRT-niň Radio Ýaýlymlary Bilen Bellenilip Geçilýär

TRT-niň radio ýaýlymlary 94 ýyl ozal başlapdy

1635281
6-njy Maý Radio Güni TRT-niň Radio Ýaýlymlary Bilen Bellenilip Geçilýär

Türkiýedäki radio ýaýlymynyň 94-nji ýyllygy we 6-njy maý Radio güni Türkiýe radio telewideniýe guramasynyň radiolarynyň ýaýlymlary bilen bellenilip geçilýär.

Onlaýn formatda geçiriljek çärelerde ýerli we daşary ýurtly radio işgärleriniň ýany bilen diňleýjiler we radio söýüjiler duşuşarlar.

Maslahatlar, işjeň seminarlar we “Radiodan garaşylýanlaryň ählisi” ýaly ençeme ýörite ýaýlymlary diňleýjilere ýetirjek “TRT Radio Günlerinde” diňleýjileriň garaýyşlaryna hem orun beriler.

TRT FM-iň ýörite taýarlan ýaýlymynda “Radio meniň üçin”, “Radioly ýatlamalarym” we “Men radio işgäri bolsadym” ýaly diňleýjileriň garaýyşdyr pikirlerine we tekliplerine orun beriler.

Aýratynam “Radio nähili başladym” temaly milli we ýerli ýaýlym berýän radio işgärlerinin tejribedir garaýyşlary diňleýjileriň dykgatyna ýetiriler.

TRT radiolarynyň 94 ýyldan bäri dowam edýän tejribesini belläp geçýän güni bolan 6-njy maýda ähli radio işgärleriniň gatnaşmagynda açyk forum geçirilýär.


Etiketkalar: #94 ýyl , #radio güni , #TRT

Degişli Habarlar