Stambuldaky Howa Menzilleri Täze Bir Rekord Goýdy

Stambul we Sabiha Gökçen howa menzillerinden ýylyň birinji çärýeginde 27 milliondan gowrak ýolagçy gatnadyldy.

2130724
Stambuldaky Howa Menzilleri Täze Bir Rekord Goýdy

Ýanwar-mart aralygynda Stambuldaky howa menzillerinden peýdalanan ýolagçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrüne görä 13 göterim artdy.

27,1 million ýolagçy Stambuldaky howa menzillerinden syýahat etdi.

Stambul howa menzili ýylyň 3 aýynda jemi 17,7 million ýolagçy kabul etdi.

Sabiha Gökçen adyndaky howa menzili bolsa 9,4 million ýolagçy kabul etdi.

Stambuldaky howa menzillerinde ýylyň birinji çärýeginde ýolagçy sanyna parallellikde gatnawlaryň sany hem artdy.

Syýahatçylyk paslynyň açylmagy bilen geljekki aýlarda-da artyşyň dowam etmegine garaşylýar.

 



Degişli Habarlar