Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

1634672
Prezident Erdogan rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Rejep Taýýip Erdogan we Wladimir Putin geçiren telefon söhbetdeşliginde koronawirus epidemiýasyna garşy göreş we Sputnik V sanjymynyň getirilmegi ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä, Prezident Erdogan Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde gazanylan ylalaşygyň çäginde Russiýadan Türkiýä ugradyljak Sputnik V  sanjymynyň üpjünçiliginiň meýilleşdirilen ýagdaýda amala aşyrylmagyna garaşýandyklaryny habar berdi.

Prezident Erdogan iki ýurdyň arasynda ençeme ugur boýunça ýola goýulan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna sanjym önümçiliginiň hem goşulmagyndan hem hoşaldyklaryny beýan etdi.

Siriýada hemişelik durnuklylygyň üpjün edilmeginde türk-rus hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belläp geçen Prezident Erdogan, Ýokary Garabag babatynda bolsa sebitleýin kadalaşma we durnuklylyk etrabynyň netijeli ulanylmalydygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar