Prezident Erdogan agzaçarda zähmetkeşler bilen duşuşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk gününde işgärler bilen agzaçarda duşuşdy

1632227
Prezident Erdogan agzaçarda zähmetkeşler bilen duşuşdy

Prezident Erdogan, işlerini dowam etdirýän Stambul şäherindäki Wahdettin köşgünden çykyp, Tuza etrabynda iş alyp barýan bir fabrige bardy. 

Ol ýerde işgärler bilen agzaçar edinen Prezident Erdogana, Zähmet we sosial howpsuzlyk ministri Wedat Bilgin we Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank ýoldaşlyk etdiler. 

Prezident Erdogan agzaçardan soň beren beýanatynda, 1-nji maý Zähmetkeşler we raýdaşlyk gününde Fransiýada başdan geçirilen wakalaryň üstünde durup geçip: "Ine şu gün Parižiň köçeleri nähili bolandygyna şaýat bolduňyz. Pariži dolandyrýanlar ýa-da ol ýerde ýaşaýanlar bu wakalary biri-birlerinden örän tapawutly düşündirdiler. Parižde ähli dükanlaryň aýnalary, çarçuwalary döwüldi, ýakyldy, ýumruldy" diýip habar berdi. 

Türkiýede bolsa agyr derejede diýip boljak hiç hili hadysanyň başdan geçirilmändigini aýdan Erdogan: "Zähmetkeşleriň ol mukaddes derini ekspluatasiýa etmek isleýänlere mümkinçilik bermeris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar