Türkiýe Ysraýyla Gynanç Bildirdi

Ysraýylda Lag BaOmer baýramçylygynda başdan geçirlen dyknyşykda 44 adam ýogalypdy, 103 adam hem ýaralanypdy

1631802
Türkiýe Ysraýyla Gynanç Bildirdi

 

Türkiýe, Ysraýylda dini baýramçylyk sebäpli başdan geçirlen dyknyşykda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylda Safed şäheriniň golaýynda ýerleşýän Meron dagyndaky dyknyşyk sebäpli köp sanly adamyň ýogalmagyna gynanç bildirildi.

Beýannamada “Bu elhenç waka sebäpli ysraýylyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýäris, wakada ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris” diýildi.

Ysraýylda Safed şäheriniň golaýynda ýerleşýän Meron dagynda, Lag BaOmer baýramçylygynda başdan geçirlen dyknyşykda 44 adam ýogalypdy, 103 adam hem ýaralanypdy.



Degişli Habarlar