Sputnik V Sanjymynyň Birinji Tapgyry Maý Aýynda Türkiýä Geler

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Sputnik V sanjymynyň hem Türkiýede ulanylmaga başlajakdygyny nygtady

1631805
Sputnik V Sanjymynyň Birinji Tapgyry Maý Aýynda Türkiýä Geler

 

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, täze görnüş koronawirusa garşy Russiýanyň öndüren Sputnik V sanjymynyň birinji tapgyrynyň maý aýynda Türkiýä geljekdigini aýtdy.

Koja, Antalýada beren beýannamasynda, gysga wagtda Sputnik V sanjymynyň hem Türkiýede ulanylmaga başlajakdygyny nygtady.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja “6 aýda 50 million doza Sputnik V sanjymyny alarys. Sanjymlaryň birinji tapgyry maý aýynda geler. 5-10 günüň dowamynda näçe sanjymyň geljekdigi belli bolar” diýdi.

Türkiýä iýun aýy bilen birlikde BioNTCeh we Sinowak firmalaryndan hem has köp sanjymyň geljekdigini nygan ministr Koja “İýun aýynda 40 ýaşyndan ýokardaky raýatlarymyz üçin sanjymlama tapgyrynyň başlamagyny maksat edinýäris. Tomus aýlarynda 18 ýaşyndan ýokardaky her bir adama sanjym edilmegi üçin uly tagalla edýäris” diýip belledi.



Degişli Habarlar